milli goshun logo
Gowaça ekişine badalga berler
Gowaça ekişine badalga berler
16.03.2019 532 Habarlar

15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Welaýatlaryň gowaça ekmek üçin niýetlenen ekerançylyk meýdanlarynda ýerleri tekizlemek, geriş çekmek, ýuwuş we tagt suwlaryny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine hususy önüm öndürijiler hem degişli derejede taýýarlyk işlerini alyp barýarlar. Olar oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini aldylar. 2019-njy ýylda hususyýetçiler 33 müň 805 gektar meýdanda gowaça ösdürip ýetişdirerler.

Hormatly Prezidentimiz bu möwsümi bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda hem 27-nji martda gowaça ekişine girişmäge ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan ekiş möwsümini «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.