milli goshun logo
Görnükli türkmen diplomatyna «Türkmenistanyň Gahrymany»  diýen hormatly at berildi
Görnükli türkmen diplomatyna «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at berildi
25.09.2019 925 Habarlar

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Aksoltan Töräýewna Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly ady dakyldy we «Altyn Aý» medaly bilen sylaglanyldy.

Milli Liderimiz A.Ataýewanyň diplomatiki işine ýokary baha berip, türkmen halky üçin bitiren işleri we mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny has hem ýokary galdyrmak üçin eden işleri dogrusynda nygtap, Permana gol çekdi.

Türkmeniň görnükli syýasatçysy, diplomat Aksoltan Töräýewna Ataýewa 1944-nji ýylyň 6-njy noýabrynda eneden boldy. Ol 1968-nji ýylda şol wagty Türkmen Döwlet lukmançylyk institutyny tamamlap, 1994-nji ýyla çenli Saglygy goraýyş edaralarynda dürli wezipelerde işleýär. 1994-nji ýylda bolsa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenýär. Ondan soňra şol bir wagtyň özünde, birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işläp,  A.Ataýewa bu wezipeleri häzire çenli birkemsiz ýerine ýetirip gelýär.

«Milli goşun».