7-nji fewralda geçirilen Ministrler kabinetiniň
giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, geçen
ýylyň başynda 2019-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady
hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan
etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan
edilendigini aýtdy.
Ýörite topar tarapyndan her welaýat boýunça
hödürlenen görkezijiler seljerildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň iň ýokary
netije gazanan etraby kesgitlenildi. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ahal
welaýatynyň Gökdepe etraby ýeňiji boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak, şeýle hem 2020-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.