milli goshun logo
«Gerçek ýigit, goç ýigit» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyrlary geçirildi
«Gerçek ýigit, goç ýigit» bäsleşiginiň nobatdaky tapgyrlary geçirildi
22.02.2020 3533 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun galalarynda 2020-nji ýylyň esasy çäreleriniň meýilnamasy esasynda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň arasynda «Gerçek ýigit, goç ýigit» atly bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň maksady harby gullukçylaryň döredijilik we zehin ukyplaryny açmakdan, olaryň beden taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmakdan, şeýle-de esgerleriň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşik bije esasynda başlanyp, ol ýörite Düzgünnamada tassyklanan şertler boýunça geçirildi.

     Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan esgerler özi bilen tanyşdyryp, harby bölümi we gulluk durmuşy barada çeper beýan etdiler, ýörite görkezme sahnalaryny taýýarladylar. Şeýle-de, olar söweşjeň we gumanitar taýýarlygyndan hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby düzgünnamalaryndan taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Bäsleşige gatnaşan esgerler degişli şertler boýunça dürli görnüşde özleriniň sport ussatlyklaryny görkezdiler, päsgelçilikli ýodalardan geçdiler. Netijede eminler topary tarapyndan bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi we olara Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu bäsleşik esgerleri Watan öňündäki mukaddes harby gulluk borçlaryna ak ýürekden wepaly bolmaga we döredijilik gözleglerini yzygiderli dowam etdirmäge ruhlandyrdy.

«Milli goşun».