milli goshun logo
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisinden täzelikler
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisinden täzelikler
11.10.2019 792 Habarlar

Şu gün ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda GDA agza döwletleriň ykdysady-strategik hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamany kabul etmek teklip edildi. Bu teklip GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda gyzgyn gollanma eýe boldy. Jarnama kabul edilse, diňe bir GDA döwletleri däl, eýsem dünýä döwletleri bilen hem ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň ýol açylýar.

Şeýle-de, milli Liderimiz GDA agza ýurtlaryň arasynda öňden gelýän hatyrany saklamak bilen bagly ýene bir meseläni orta atdy. Ýagny, öňümizdäki ýylda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli biziň parahat, asuda durmuşda ýaşamagymyz üçin şirin janlaryny pida eden ata-babalarymyzy hatyralamak çärelerini, şeýle hem Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny GDA döwletleriniň paýtagtlarynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bu ugurda ähli goldawlary bermäge taýýardygy barada belläp geçdi.

«Milli goşun».