milli goshun logo
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
11.10.2019 378 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşyga agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde GDA-nyň düzgünnamasyna düzediş girizmek, GDA-nyň täze Geňeşini döretmek we könelerini ýatyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlarynyň geňeşi GDA-nyň iň ýokary derejedäki geňeşi bolup, ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we netije çykarmak üçin döredilendir. Ýylyň dowamynda, adatça, bir nobatdaky we bir resmi däl ýagdaýda döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirilýär.

Sammitiň jemleri boýunça möhüm resminamanyň – GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamasynyň kabul edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu resminama Arkalaşygyň giňişliginde giň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we ösdürmek meselelerinde türkmen tarapynyň işjeň orun eýeleýändigini aýdyň subut edýär.

Türkmenistan daşary syýasat ulgamynda Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöredip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmäge we ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ýurdumyz GDA-nyň döredilen gününden bäri onuň düzümleri bilen netijeli we yzygiderli hyzmatdaşlyk saklap gelýär. Arkalaşygyň çäginde birnäçe ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, döredijilikli ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. 2019-njy ýylda GDA-da Kitap ýyly diýlip yglan edilmegi bilen, gurama başlyklyk ediji ýurt hökmünde Türkmenistan şu ýyl medeni ähmiýetli çäreleriň birnäçesi guramaçylykly geçirdi.

«Milli goşun».