milli goshun logo
GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumyna taýýarlyk görülýär
GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumyna taýýarlyk görülýär
11.05.2019 490 Habarlar

10-njy maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow Aşgabatda 15-16-njy maýda geçiriljek GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti we Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy bilen bilelikde Arkalaşygyň ýurtlarynyň ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynyň wekillerini birleşdirjek foruma taýýarlyk görmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Forumyň netijeleri boýunça degişli Kararnamany kabul etmek meýilleşdirilýär. Şol Kararnamada bu ulgamlarda, şeýle hem sport we syýahatçylyk ugurlary, ýaşlar syýasaty, maglumat ulgamy boýunça özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler.