milli goshun logo
Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary
27.09.2019 998 Habarlar

26-njy sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.

Şu konsertiň tapawutly aýratynlygy türkmen sungatynyň baý kuwwatyny şöhlelendirýän çykyşlaryň köp dürlüliginden ybaratdyr. Konsertdäki köp öwüşginli çykyşlar 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary bilen berk baglanyşyklydyr.

Joşgunly çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat gymmatlyklary wasp edildi.

Ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary, opera ussatlary hem-de türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Olaryň tomaşaçylara sowgat beren ajaýyp çykyşlary, ýerine ýetirijilik zehini zalda uly gyzyklanma döretdi, döwrebap audioşekilli tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa baýramçylyk dabarasynyň öwüşginini has-da artdyrdy.

Konsertde ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň folklor toparlary «Bäş welaýat — bäş dogan, bir supranyň başynda» atly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Bu çykyş döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny, döredijiligiň joşgunyny alamatlandyrdy.

Bu ýerde guralan dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň döreden sazyna täze aýdymyň ýaňlanmagy özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

***

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar agşam «Aşgabat» köp ugurly sport toplumynyň merkezi stadionynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini beýan edýän dürli mazmundaky çykyşlary özünde jemleýän aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlandyryldy.