milli goshun logo
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 868 raýatyň günäsi geçildi
Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 868 raýatyň günäsi geçildi
24.09.2019 685 Habarlar

23-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda ýurdumyzyň Baş prokurory B.Atdaýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Baş prokuror Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 868 raýatyň Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly Baş prokurora iberdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi.