milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
12.12.2019 857 Habarlar

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna örän möhüm syýasy seneleriň biri hökmünde ýazyldy. Mundan ýigrimi dört ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen Türkmenistan döwletimiz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu gysga taryhy döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady.

Biz asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek, syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara taslamalarymyzy we maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek bilen, Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä üçin nusgalyk bolmagyny gazandyk.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň abraýyny has-da artdyrdy. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy» hakyndaky Rezolýusiýany täzeden makullamagy bilen, döwletimiziň parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hem-de parahatçylygyň merkezi hökmündäki abraýy has-da belende göterildi.

Geljek 2020-nji ýylda biz uly we möhüm halkara ähmiýetli wakany — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäde parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä ýurtlary we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçeris.

Mähriban watandaşlar!

Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän, halkara gatnaşyklary many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Bu gün parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy, halkara ähmiýetli taslamalarymyzy, düýpli özgertmelerimizi beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge gönükdirýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzyň astynda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Täze şäherdir obalary, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirýäris. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalar, Ýuwaş ummany we Aziýa sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny ýokarlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biziň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär etdi.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.