milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
16.05.2024 199 Habarlar

Düýn – 15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Şu günler Kazanda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Milli Liderimiz bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.

Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar myhmansöýerlik bilen garşyladylar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyz we Rustam Minnihanow çaý başynda söhbet edip, dost-doganlyk gatnaşyklary bilen berkidilen hem-de köpugurly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy geçirildi. Oňa iki tarapyň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.

Türkmenistan we Tatarystan dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, gämi gurluşygy, himiýa senagaty pudaklarynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek babatda üstünlikli alnyp barylýan bilelikdäki işlere üns çekildi. Ynsanperwer ulgamda, şol sanda bilim, medeniýet, sungat boýunça hyzmatdaşlyk türkmen-tatar gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary dowam edýär.