milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň meşhur kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy
Gahryman Arkadagymyzyň meşhur kompaniýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy
28.06.2024 119 Habarlar

Düýn – 27-nji iýunda Gahryman Arkadagymyz «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Ýeri gelende bellesek, «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasy bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy, birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi.