milli goshun logo
Gahryman  Arkadagymyzyň iş sapary
Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary
13.05.2024 236 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk sportuny ösdürmek babatda wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada gyzyklandy hem-de milli atşynaslyk ýörelgelerine höwes bildirýän çagalar bilen duşuşyp, olar bilen atçylyk däpleriniň özboluşly aýratynlyklary hakynda söhbet etdi.

Bedewlere çäksiz hormaty bolan Milli Liderimiz atçylyga höwes edýän çagalaryň geljekde ussat atşynaslar bolup ýetişip, ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagyna, milli atşynaslyk däpleriniň ylmy esasda ösdürilmegine goşant goşjakdyklaryna, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary hem bolup biljekdiklerine ynam bildirdi.

Peder ýoluny dowam etdirmäge höwesek çagalar Milli Liderimiz bilen duşuşyp, milli atşynaslygyň dünýäsine degişli gyzykly gürrüňleri diňlediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň halkymyzyň döreden atşynaslyk ýörelgeleriniň dünýä nusgalykdygy barada aýdanlary körpeleri bu hünäri çuňňur özleşdirmäge we bu ugurda belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti Gahryman Arkadagymyza bu ýere gelip, ata höwesek ýaşlaryň hünärine badalga berendigi hem-de çagalary atşynaslyk dünýäsiniň ak ýoluna atarandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, «At – myrat» diýlişi ýaly, çagalaryň asylly maksatlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amal boljakdygyna ynam bildirdi.