milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary
Gahryman Arkadagymyzyň iş sapary
24.03.2024 142 Habarlar

Düýn – 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherinde bolup, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary, binalaryň bezeg serişdeleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.

Iş maslahatyna gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa gatnaşdy. Onda haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyklar, gaznanyň işini mundan beýläk-de yzygiderli alyp barmak we mätäje goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleri ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatynyň dowamynda M.Öküzowa Gahryman Arkadagymyzy gaznanyň döredilmeginiň üç ýyllygy bilen gutlap, häzirki döwürde merkezde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, olaryň doly derejede sagalmaklary ugrunda amala aşyrylýan bejergi işleriniň ýagdaýy, gaznanyň hasabyna operasiýa edilen çagalara merkezde operasiýadan soňky geçirilýän bejergi işleri, olaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary, Arkadag şäheriniň ilatynyň jaý bilen üpjünçiligi ýaly möhüm meselelere garaldy.