milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
17.10.2023 1069 Habarlar

 

Şu gün – 17-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy. Üç günlük saparyň çäginde Gahryman Arkadagymyz «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşar we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşyk geçirer.

Pekin şäheriniň «Şoudu» Halkara howa menzilinde mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna aýdym-sazly çykyşlara giň orun berlip, dabaraly ýagdaý emele geldi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hytaý tarapynyň resmi adamlary, şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Milli Liderimiziň Pekine maşgalasy we agtyklary bilen gelmegi bolsa barha berkeýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 17-18-nji oktýabrda Pekinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçiriler. Bu hyzmatdaşlyk forumy ýylyň dowamynda Hytaýda geçirilýän iň möhüm diplomatik çäre bolup, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň 10 ýyllygynyň çäginde guralýar. Oňa dünýäniň 140 döwletinden, halkara guramalaryň hem 30-dan gowragyndan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we käbir beýleki wekiliýet Baştutanlary çykyş eder. Oňa Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.

        «Bir guşak, bir ýoly» esaslandyrmak başlangyjy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine degişlidir. Onuň taslamasy HHR-iň Lideriniň 2013-nji ýylda Gazagystana amala aşyran sapary wagtynda hödürlenildi. Ol sebitleýin goşulyşmagy çuňlaşdyrmak, söwdany ösdürmek we ykdysady ösüşi gowulandyrmak üçin guryýer hem-de deňiz ýollary arkaly Aziýa yklymyny Afrika we Ýewropa bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýan maksatnamadyr. Bu başlangyç iki ugry — Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagyny we XXI asyryň deňiz Ýüpek ýoluny öz içine alyp, onda infrastruktura desgalaryny ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmek ileri tutulýar.