— «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek»
türkmen strategiýasy many-mazmuny boýunça Türkmenistanyň Ýewraziýanyň geljekki
geoykdysady landşafty baradaky garaýyşlaryna, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak, bir
ýol» strategiýasyna laýyk gelýär. Şunda deňhukuklylyk, hyzmatdaşlygyň
bähbitlerini nazara almak we ykrar etmek, özara bähbitlilik, medeni, ruhy
gymmatlyklaryň köpdürlüligine hormat goýmak esasy ýörelgeler hökmünde çykyş
edýär.
— Türkmen we hytaý halklarynyň
arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň baý taryhy tejribesine daýanmak,
häzirki wagtda özara obýektiw bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu
iki strategiýanyň durmuşa geçirilmegi, olaryň utgaşdyrylmagy, biri-biriniň
üstüniň ýetirilmegi babatda hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik
berýär.
— 2009-njy ýylda Türkmenistandan
Hytaýa çekilen gaz geçirijiniň işe girizilmegi yklymyň energetika ulgamynda
gatnaşyklaryň täze arhitekturasynyň kemala gelmeginiň başyny başlady, özara
bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda beýleki döwletleriň taslamasyna
goşulyşmak mümkinçiliklerini açdy. Beýleki iri halkara taslama — Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem hut şu
nukdaýnazardan amala aşyrylýar.
— Häzirki wagtda biz türkmen
tebigy gazynyň, elektrik energiýasynyň geografiýasyny giňeltmegiň we halkara
derejede iberilýän möçberini artdyrmagyň üstünde işleýäris. Türkmenistandan
Owganystana hem-de Pakistana elektrik geçiriji, optiki-süýümli aragatnaşyk
ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Bu ugurlarda hyzmatdaşlygyň gün tertibinde iri taslamalaryň
ýene-de birnäçesi bar.
— Häzirki wagtda Türkmenistan
hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta
ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köpşahaly
ulgamyny döredýär. Geljekde bu ulgam Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi
sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özüne birleşdirer. Munuň özi
Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa ulgamlarynda iri milli taslamalary durmuşa
geçirmek, Hazar deňzinde täze port infrastrukturasyny döretmek bilen baglylykda
örän derwaýysdyr.
— Biziň tagallalarymyz ulaglaryň
ähli görnüşi, şol sanda demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary arkaly
transkontinental daşamalaryň kuwwatyny doly açmaga, baglanyşdyryjy nokatlarda
logistik terminallary döretmäge gönükdirilendir. Türkmenbaşy Halkara deňiz
porty hem şolaryň biri bolup biler. Biz hyzmatdaşlaryň bähbitlerine ulanmak
üçin onuň kuwwatlyklaryny hödürlemäge taýýardyrys.
— Halkara geçelgeleriň we logistik
ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde umumy tagallalary
birleşdirmäge gönükdirilen ylalaşykly ulag diplomatiýasy barha uly ähmiýete eýe
bolýar. Durnukly ulag ulgamynda ählumumy dialogyň başyny başlaýjylaryň biri
bolmak bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda yzygiderli
çäreleri durmuşa geçirýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň tutanýerli,
maksada okgunly işiniň netijesinde, Baş Assambleýa tarapyndan soňky ýyllaryň
dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ulag ulgamynda Kararnamalaryň altysy
kabul edildi.
— Önümçilik işiniň we daşky
gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy gazanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün
etmek Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri
bolup durýar. Biziň «Ýaşyl Ýüpek ýola» garaýşymyzyň many-mazmuny şuňa
esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen düzümi —
howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek
baradaky teklibini oýlanyşykly we öz wagtynda ädilen ädim hasaplaýarys. Merkeziň
işlemegi üçin ýurdumyzyň paýtagtynda — Aşgabat şäherinde ähli zerur bolan
tehniki, guramaçylyk şertlerini hödürlemäge taýýardyrys.
— Kömürturşy gazynyň, metanyň
zyňyndylarynyň atmosfera ýaramaz netijelerini azaltmak we aradan aýyrmak hem
Türkmenistanyň ekologiýa strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Gürrüň,
ilkinji nobatda, energetika, senagat we ulag ulgamlarynda ekologik taýdan
arassa, serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de
ulanmaga tapgyrlaýyn geçmek barada barýar. Şeýle-de ýurdumyz wodorod energiýasy
ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň bu ädimlerini hyzmatdaşlygyň «ýaşyl» geçelgelerini döretmäge,
şol sanda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol»
strategiýalarynyň çäklerinde möhüm goşant hasaplaýarys.
— Biziň pikirimizçe, häzirki wagtda «syýasy logistika» düşünjesi örän wajypdyr. Ony ykdysady ösüşiň we hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky garaýyşlarynydyr mümkinçiliklerini paýlaşýan döwletleriň özara gatnaşyklarynyň köpugurly ulgamy hökmünde görýärin. Şol hyzmatdaşlyk bolsa syýasylaşdyrmakdan, könelişen ideologik ýörelgelerden azat bolmalydyr, deňlige, özara hormat goýmaga we birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanmalydyr.