milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyz Türkmen-koreý işewürlik maslahatyna gatnaşdy
12.06.2024 267 Habarlar

Düýn – 11-nji iýunda Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda: «Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär» diýip, bu maslahatyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle işewürlik duşuşyklary netijeli gatnaşyklary giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Şunda hökümetara türkmen-koreý toparynyň hem-de «Türkmenistan – Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işlerine hem möhüm orun degişlidir.