Düýn – 4-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň ŞHG-ni ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýändigini aýdyp, özara hyzmatdaşlygyň milli bähbitlerimize gabat gelýändigine ünsi çekdi. «Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna girýän, onuň bilen işleşýän döwletlerdir halklar bilen çuňňur taryhy gatnaşyklar, geografik taýdan ýakynlyk, umumy gymmatlyklar we dünýägaraýyşlar baglanyşdyrýar. Ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýumlarda, tehnologiýalarda özara gyzyklanmalar bu gün onuň üstüni ýetirýär» diýip, Milli Liderimiz ilkinji nobatda, syýasy hyzmatdaşlyk boýunça öz garaýyşlaryny mälim etdi.