milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
Gahryman Arkadagymyz Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumynyň işi bilen tanyşdy
25.06.2024 215 Habarlar

Düýn – 24-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz toplumyň işi bilen tanyşdy we bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda häzirki döwürde oba hojalyk ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meseleleri, seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän, kesele durnukly gowaçanyň inçe hem-de orta süýümli görnüşlerini döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi.