milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz hanym Neda Berger bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz hanym Neda Berger bilen duşuşdy
15.05.2024 137 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda Gahryman Arkadagymyz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol wagt Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde Awstriýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hormatyna 16 ýyl mundan ozal döredilipdi. Geçen ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň goldawy bilen «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri döredildi, Türkmenistanda Wena ballary geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň wajyp ähmiýete eýedigine aýratyn üns çekildi.