milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretaryny gutlady
30.04.2024 268 Habarlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

«Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.

Gahryman Arkadagymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.