milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
13.03.2024 508 Habarlar

Düýn – 12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Binali Ýyldyrym Aksakgallar geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ata-babalarynyň Watany bolan Türkmenistanda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň paýtagtynda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman Milli Liderimize mejlisiň ýokary derejede geçirilendigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde durýan wezipeleri bilelikde üstünlikli çözmekde ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.