milli goshun logo
Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy
Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy
27.04.2024 256 Habarlar

Düýn – 26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesiniň» çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtadylar. Çykyşlarda Türkmenistanda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary geljek nesiller üçin gorap saklamak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.