milli goshun logo
Forumda halkara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
Forumda halkara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
12.08.2019 530 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda biziň ýurdumyzda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynda halkara hyzmatdaşlygyň birnäçe meseleleriniň üstünde durup geçildi.

Dürli halkara guramalaryň wekilleri Hazar sebitinde «ýaşyl ykdysadyýetiň» kämilleşdirilmegine, Hazarda deňzinde ylmy barlag işlerini geçirmek, Hazar deňiziniň energetiki kuwwatyna doly derejede ýüze çykarmak bilen bagly baý mazmunly mowzuklar bilen çykyş etdiler.

Foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň hukuk statusy boýunça Konwensiýasyna gol çekileninden soň, sebitiň ýurtlarynyň öňünde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriniň dörändigi baradaky pikirleri biragyzdan aýtdylar. Bu forumyň ýokary derejede geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň dürli pudaklardaky kuwwatyny dünýä ýüzüne äşgär etmäge giň ýol açar.

«Milli goşun».