milli goshun logo
Eýýamlara ýaň saljak binagärlik eseri
Eýýamlara ýaň saljak binagärlik eseri
18.05.2024 222 Habarlar

Paýtagtymyz Aşgabat  şäheriniň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylmagy türkmen ruhunyň öçmejek çyragyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli tebigy belentlikde gurlup, ýadygärligiň beýikligi 60 metr bolup durýar. Şahyryň «Türkmeniň» goşgusyndan ganatly setirler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan setirler ýazylan binýadyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.

Medeni-seýilgäh toplumynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny bellemek gerek. Häzirki zaman yşyklandyryş enjamlary we lazer şöhleleri arkaly Magtymguly Pyragynyň heýkeli ýagtylandyrylýar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabyndan beýik söz ussady baradaky: «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýen setirler baýyrlaryň ýüzünde şöhlelendirildi.

Bu toplum üç asyr geçse-de, döredijiligine tutuş dünýäde sarpa goýulýan we tanalýan türkmen halkynyň şöhratly oglunyň zehinine belent hormatyň hem-de söýginiň beýanydyr.