milli goshun logo
«Dünýäniň bezegi-türkmen halysy» atly haly önümleriniň halkara sergisi geçiriler
«Dünýäniň bezegi-türkmen halysy» atly haly önümleriniň halkara sergisi geçiriler
18.05.2019 1192 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hem-de bu şanly senä gabatlanyp geçiriljek «Dünýäniň bezegi-türkmen halysy» atly haly önümleriniň halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz dünýäde milli halyçylyk sungatymyzyň üstünliklerini wagyz etmek işinde her ýyl geçirilýän maslahatlaryň ähmiýetini we olaryň eýeleýän möhüm ornuny belläp, şeýle çäreleriň türkmen önümlerini dünýä bazarlarynda mundan beýläk-de öňe ilerletmäge, ýurdumyzyň öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendigini nygtady hem-de bellenen çäreleri örän ýokary derejede guramak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.