milli goshun logo
Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
29.06.2019 599 Habarlar

28-nji iýunda täze senagat toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde «Mizan» işewürlik merkezinde geçirilen dabaraly mejlisde «Guinness World Records» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemiji täsin senagat desgasynyň — dünýäde şunuň ýaly ilkinji desganyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlagyny aýtdy.

Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda hanym Subaşi-Gemiji «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod» diýen güwänamany gowşurdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäde parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.