milli goshun logo
Döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň möhüm şertidir
Döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň möhüm şertidir
17.01.2019 695 Habarlar

Düýn geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew ýurdumyzyň gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmegiň 2019 —2025-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlarda taýýarlanylan önümlerden pes bolmadyk gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini giňeltmek, hojalygy ýöretmegiň, şol sanda hususy işewürligiň gatnaşmagynda onuň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşiniň ýene bir möhüm şertleriniň biridir, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagynda ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny hem-de iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalary, täze elektrik geçiriji ulgamlary, şäher gurşawyny ösdürmek meselelerini öz içine alýan maksatnamanyň taýýarlanylmagyna örän jogapkärli hem-de içgin çemeleşmegi tabşyrdy.