milli goshun logo
Döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
Döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi
25.01.2024 339 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Balkan welaýat Polisiýa müdirliginiň Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynyň Polisiýa bölümleriniň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň döwrebap edara binalary dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Dabaralara gatnaşyjylar awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparlarynyň edara binalarynyň döwrebap iş mümkinçilikleri bilen içgin tanyşdylar. Olarda ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar hem-de sanly ulgam bolsa dabaralara gatnaşanlarda gyzyklanmalar döretdi.  Binalaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ylmyň we tehnikanyň soňky  gazananlaryna daýanýan kuwwatly anyklaýyş, bejeriş we ölçeýji enjamlar bilen üpjün edilmegem awtoulaglara tehniki gözegçilik işlerini ýokary hilli guramaga mümkinçilik döredýär. Şonuň ýaly-da, ösen enjamlaryň kömegi bilen awtoulaglaryň ekologiýa kadalarynyň talaplaryna laýyklygy kesgitlenýär.