milli goshun logo
Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
Döwletliler köşgündäki çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
02.06.2023 560 Habarlar

1-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan sowgatlar gowşuryldy.

Çagalar uly şatlyk we ruhubelentlik bilen myhmanlary garşy aldylar. Olar myhmanlar üçin aýdym-sazly çykyşlary taýýarladylar. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar milli medeni mirasymyzdan ylham alyp, täzeçillikler üçin hemişe açykdyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdiler. Dabara ýurdumyzyň estrada artistleriniň we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Baýramçylyk mynasybetli dabara gatnaşyjylara süýjülik torty paýlandy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk çäreleri guraldy. Munuň özi Türkmenistanyň umumadamzat gymmatlyklaryna we türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak däplerine esaslanýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.