milli goshun logo
«Döwletli döwran hakda köňül söhbedi»
«Döwletli döwran hakda köňül söhbedi»
25.05.2019 2001 Harby Bilim

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda harby talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň gözýetimli bolmagyna ähli amatly şertler döredilýär. Milli Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gulluk etjek harby lukmanlaryň taýýarlanyp başlanmagy, lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegi, okatmagyň täze usullaryna geçilmegi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen harby okuw jaýlary, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, sport toplumlary – bularyň ählisi biziň sagdyn, ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin gönükdirilendir.

«Aşgabat şäheriniň güni» we «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby-lukmançylyk fakultetiniň harby talyplarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Döwletli döwran hakda köňül söhbedi» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň bölüm redaktory Aşyrmät Garlyýew, Türkmenistanyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Hydyrguly Wohanow hem-de Harby-lukmançylyk fakultetiniň 3-nji ýyl harby talyby Goçakberdi Goçakow dagylar çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  ösüp gelýän ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin bu günki gün ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Soňra döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar öz döredijilikleri bilen içgin tanyşdyryp, harby talyplaryň öňünde şygyr okadylar hem-de harby talyplary gyzyklandyrýan soraglara jogap berdiler.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW, maýor.