milli goshun logo
Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly işe girizildi
Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly işe girizildi
28.11.2019 1116 Habarlar

«Türkmentel — 2019» sergisiniň birinji gününde döwlet hyzmatlarynyň we işleriniň ýeke-täk portaly işe goýberildi hem-de tanyşdyrylyşy boldy.

Bu portal (e.gov.tm) raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge «bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy hökmündedir. «Bir penjire» ýörelgesi hyzmatlardan peýdalanmak üçin ýüz tutýandan resminamalaryň merkezleşdirilen görnüşde kabul edilmegini, şeýle hem resminamalary taýýarlamagyň möhletiniň berjaý edilişine hem-de olaryň berilmegine gözegçiligi üpjün etmegi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki günde resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp biler. Ýakyn geljekde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, hyzmatlaryň gerimi giňeldiler. Olaryň sanawyna işleriň maglumat, aragatnaşyk we mahabat ulgamlary girer, bilim hem medeniýet ulgamlary aýratyn tapgyrda bolar, «Saglyk» diýen bölüm hem bar.

Şunda pasportlary, hasaba almalary, wizalary, sürüjilik şahadatnamalaryny, pensiýalary we kömek pullaryny, salgytlary, iş bilen meşgullanylmagyny resmileşdirmek hem-de telekeçilik işlerinden başlap, durmuş ugurlaryna çenli ençeme beýleki meseleler boýunça onlaýn tertibinde ýüzlenmek bolar.