milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyşyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Döwlet Baştutanymyz täze atçylyk toplumynyň açylyşyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
30.04.2023 453 Habarlar

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Bu şanly sene her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan bu baýrama gabatlanyp, 29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyşy, şeýle hem «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Bu ýerde ýygnananlaryň joşgunly el çarpyşmalary astynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň toý bagyny kesmegi bilen, dabara tolgundyryjy pursatlara beslendi. Hormatly Prezidentimiz täze atçylyk toplumynyň açylmagyna ak pata berýär. Harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlaryny beýan edýärler.

Soňra täze atçylyk toplumynyň açylmagy mynasybetli çapuw ýodalarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi.

Soňra dabarany alypbaryjy «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanandygyny yglan edýär. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan iň gowy ahalteke bedewleriniň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

«2023-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýlip Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli, şöhratly Gyrsakaryň nesil ugrundan we Garaşsyz hem-de Sülgün atly bedewleriň nesli bolan, 2015-nji ýylda doglan ajaýyp Goşasakar atly bedew ykrar edildi. Onuň seýsine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak — «Toyota Fortuner SR-5» kysymly awtoulagyň açary, göçme kubok we diplom dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Soňra şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda hem-de teleýaýlymlarda türkmen bedewiniň keşbini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bu bäsleşigiň baş maksady ajaýyp we akylly bedewiň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezmekden ybaratdyr.