milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagynda «Garagum ýalkymy» diýen ýere bardy
Döwlet Baştutanymyz sport awtoulagynda «Garagum ýalkymy» diýen ýere bardy
05.08.2019 366 Habarlar

Dynç alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda dowamly menzil aşdy.

Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde, çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp, hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy.

Gijelerine we gündizlerine sähranyň ajaýyp bolşy ýaly, onuň geçmesi kyn bolan ýerlerine hem duş gelmek bolýar. Şol ýerler ürgün çägeler, duýdansyz çykýan alaňlar hem-de beýleki böwetleri öz içine alýar. Awtomobil sporty diňe amaly tejribäni däl-de, eýsem, nazaryýet nukdaýnazaryndan taýýarlygy hem talap edýär. Bu bolsa sürüjiniň dürli taraplaýyn hünäriniň möhüm bölegi, ulagy dolandyrmak boýunça ondan diňe başarnyklary däl-de, eýsem, taktiki pikirlenmegiň belli bir endiklerini talap edýär. Çünki ýokary tizligiň barşynda köp ýagdaýlary nazara almak, töwerekdäki ýagdaýa tiz we takyk baha bermek, dessine çözgüdi kabul etmek hem-de çylşyrymly ýoly dowam etmegiň takyk usulyny tapmak gerek bolýar.

Milli Liderimiziň sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, çölüň giňişlikleri bilen okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda gündogar tarapdan şapak gyzaryp başlady. Ol sähra giňişligini we onuň içi bilen okdurylyp barýan ulagyň ýoluny ýagtylandyrdy.

Şu pursatda milli Liderimiz kuwwatly sport awtoulagy bilen sähra giňişligi arkaly menzil aşyp barşyna agtygy Kerimiň täze döreden sazyny diňledi. «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze saz eseri özüniň jadyly owazy bilen ylhamyňy joşdurýar. Belent ruha beslenen ýakymly saz sähra giňişliginde Türkmenistanyň ösüşe tarap batly gadamlaryny, Watana bolan söýgini hem-de halkymyzyň öz Prezidenti bilen bir bitewüligini aňladýan sena bolup ýaňlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, Gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagum ýalkymy» diýen ýere geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.