milli goshun logo
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Arkadag» medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň «Arkadag» medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
11.10.2023 776 Habarlar

Düýn Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly dabaralar bilen bellenilýän gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy «Arkadag» medaly bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga ýurdumyzda halkymyzyň kanuny bähbitlerini goramak we üpjün etmek boýunça hukuk kepilliklerini döretmekde, aýratyn hemaýata we goldawa mätäç çagalary durmuşa uýgunlaşdyrmaga hem-de taýýarlamaga gönükdirilen guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, ykdysady çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini durmuşa geçirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyz özüne Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Men bu sylagy milli däplerimiz esasynda alyp barýan sahawatly işlerimize berlen baha hasap edýärin. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer işleri alyp barýar. Ýurdumyzda hemaýata mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Döwletimiz we Hökümetimiz haýyr-sahawat gaznasy bilen bu asylly işleri geljekde-de dowam etdirer diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.

Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyza  Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy hem bu hakykatyň ykrar edilmesidir.