milli goshun logo
Dost-doganlygy dabaralandyrýan duşuşyk
Dost-doganlygy dabaralandyrýan duşuşyk
29.04.2024 165 Habarlar

Düýn – 28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda milli ykdysadyýetleriň bähbitlerini we birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki köpýyllyk bilelikdäki işiň baý tejribesini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-tatar iş toparynyň orny bellenildi.

Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklap, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýynyň munuň şeýle bolmagyna ýardam edýändigini nygtady. Netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky işjeň özara gatnaşyklar aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar.