milli goshun logo
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy
26.12.2023 200 Habarlar

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýen ajaýyp sözlerinden ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar ýaşlarymyzyň döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän döredijilik bäsleşikleri yzygiderli guralýar.

Ine, ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri wagyz etmek maksady bilen guralan bu döredijilik bäsleşiginde dörediji ýaşlar bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew hem «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, Hormat haty we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglanyldy.