milli goshun logo
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi
Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi
07.12.2019 1174 Habarlar

6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Öwezow Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Garalýan döwürde bu düzümler tarapyndan önümçilik meýilnamasy 120 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 118 göterime barabar boldy.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça 107 göterim üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 103,3 göterim, ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji 100,5 göterim derejesine ýetirildi.