milli goshun logo
Dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi kämilleşdirilýär
Dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi kämilleşdirilýär
24.08.2019 537 Habarlar

23-nji awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, şolaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurda degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, «S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere bu ugurdaky maksadalaýyk işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.