milli goshun logo
Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
Diýarymyzda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenildi
30.10.2023 480 Habarlar

Düýn ­– 29-njy oktýabrda  ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ählihalk baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Olar bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Baýramçylygyň çäklerinde sergiler, maslahatlar, alabaýlaryň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, beýleki medeni çäreler geçirildi.

Bu geçirilýän esasy dabaralara Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň agzalary, itşynaslar, ugurdaş edaralaryň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle-de «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň we türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik gözden geçirilişleriniň jemleriniň jemlenilmegi adamyň wepaly dostlarynyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabatda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirilip, onuň dowamynda assosiasiýanyň düzümine täze agzalar kabul edildi, şeýle hem tapawutlanan kinologlara, döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy.