milli goshun logo
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
«Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi
11.01.2023 265 Habarlar

Aşgabat halkara hepdeliginiň çäginde 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatynyň Jemleýji resminamasy «Parahatçylyk medeniýeti» gün tertibiniň 14-nji bendine laýyklykda BMG Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi (A/77/651). Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Resminama, jedelleri parahatçylykly ýollar we usullar bilen çözmek baradaky borçnamalary öz içine alýan BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlaryny we ýörelgelerini görkezilýär. Bu nukdaýnazardan, resminama dürli görnüşlerinde öz içine alyjy gepleşikleriň BMG-a agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar.

Jemleýji resminamasy, BMG-nyň Baş sekretarynyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde Dialog» pelsepesini öňe sürmek üçin Türkmenistanyň başlangyjy bilen utgaşýan Parahatçylygy gurmak üçin täze gün tertibini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar.