milli goshun logo
Deňizçilik okuw merkezi dörediler
Deňizçilik okuw merkezi dörediler
21.09.2019 1379 Habarlar

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew «Türkmensenagat» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem deňizçilik okuw merkezini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Deňizçilik okuw merkezini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Milli Liderimiz Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.