milli goshun logo
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi
07.11.2019 428 Habarlar

6-njy noýabrda Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn» öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 140 müň gektar meýdandan Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar.

Bu gezekki pagta ýygymy möwsüminde häzirki zaman pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 305-si işledildi. Bular «Jon Deere» kysymly ýokary öndürijilikli amerikan kombaýnlarydyr. Şolaryň 63-si welaýata şu ýyl gelip gowuşdy hem-de olar Özbegistanyň MХ-1,8 kysymly pagta ýygyjy traktorlary bilen utgaşdyryldy. Hasyl daşamakda awtoulaglaryň ýüzlerçesi we tirkegli traktorlar ulanyldy.

Meýdanlarda entek hasyl köp. Şeýlelikde, pagta ýygymy gowşamaýan depginde dowam edýär.