milli goshun logo
Daşoguz welaýatynda täze hassahana gurlar
Daşoguz welaýatynda täze hassahana gurlar
12.02.2019 1308 Habarlar

11-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, şeýle hem 150 orunlyk onkologiýa kesellerini bejeriş hassahanasynyň gurluşygynyň taslamalary barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize täze desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Milli Liderimiz birnäçe bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, gurluşyk işleriniň talabalaýyk derejede we bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyryp, gurulmagy meýilleşdirilýän hassahanalaryň «Daşoguz welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» möhüm orun eýeländigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere döwrebap hassahanalary döretmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyrdy, bu hassahanalaryň işe girizilmegi diňe bir welaýatyň ilatynyň däl, eýsem, tutuş sebitde ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolar. Göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň oňyn netijelere eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.