milli goshun logo
Daşoguz şäherinde täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi
Daşoguz şäherinde täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi
12.12.2019 1552 Habarlar

11-nji dekabrda Daşoguz şäherinde «Älem açar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bina edilen täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi.

Iki gatly bina Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze iri ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölekleriniň birine öwrüldi. Bu toplumda oňaýly köp öýli jaýlaryň onlarçasy hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar.

Umumy meýdany bir gektardan gowrak bolan Saglyk merkezi ilata bejeriş we anyklaýyş häsiýetli hyzmatlaryň köp görnüşini hödürlär. Ol dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmaga hem-de bejermäge ýardam edýän Ýewropada öndürilen täze enjamlar bilen üpjün edildi.

Täze lukmançylyk edarasynda onlarça dolandyryş we lukman otaglary, sanjym otaglary, hirurgiýa bejeriş otagy, barlaghana, dermanhana ýerleşdirildi. Dermanhananyň önümleriniň görnüşlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe jiltlik ylmy işinde Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan serişdeler hem giňden goýlupdyr.