Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de tutuş türkmen halkyna
Ysraýylyň halkynyň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan
edýärin.
Ýurduňyzyň
daşary syýasatynyň möhüm esasy hökmünde Bitaraplyk pikirine ýokary baha
berilýär. Döwletleriň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi bolup hyzmat
edýär.
Biz Ysraýylyň
we Türkmenistanyň arasynda dostlugy hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek
mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Siziň
Alyhezretiňizden, meniň iň gowy arzuwlarymy we uly hormat goýýandygym baradaky
ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Reuwen Riwlin,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Halkara
Bitaraplyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli ukrain halkynyň adyndan we hut
öz adymdan tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň
başlangyjyňyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji
dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi halkara durmuşynda möhüm
ädim boldy.
Ukraina
Merkezi Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy
berkitmek babatda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýär.
Ukrain-türkmen
hyzmatdaşlygynyň birek-birege hormat goýmagyň, döwlet özygtyýarlylygyny hem-de
çäk bitewüligini saklamagyň, halkara borçnamalaryny yzygiderli ýerine
ýetirmegiň esasynda geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Siziň
Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikleri,
dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, ylalaşyk we abadançylyk arzuw
edýärin.
Hormatlamak
bilen,
Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.