milli goshun logo
Çärjew etrabynda kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy
Çärjew etrabynda kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy
18.05.2019 1063 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer M.Meredow nebiti we gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň mukdaryny has-da köpeltmek, ýangyç-energetika toplumynyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny öňe ilerletmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada geçirilýän geologiýa-barlag işleriniň netijeleri barada hem habar berildi. Bu ýerde 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlanyp, şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar.