milli goshun logo
«Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigi jemlendi
«Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşigi jemlendi
26.08.2024 164 Habarlar

Şenbe güni – 24-nji awgustda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda her ýyl geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Döredijilik bäsleşigine 18 – 35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijiler gatnaşdylar. Onuň jemleýji tapgyryna deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşyp, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabaranyň aýratyn tolgundyryjy pursadynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom, altyn zynjyr, şeýle-de «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda çagyryş boýunça harby gullukçylar Gurbanmyrat Hojamgulyýewiň, Bezirgen Kakaýewiň hem bardygy Watan goragçylarymyzyň çäksiz buýsanjyny artdyrdy.