milli goshun logo
Çagyryş möwsümine badalga berildi
Çagyryş möwsümine badalga berildi
18.04.2019 1592 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany şu günler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde üstünlikli berjaý edilýär.

Harby gulluga çagyrylyşyň ýaz möwsümini üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur çäreler alnyp barylýar. Harby wekilliklerde harby gulluga çagyrylyşa degişli edilen raýatlara wagyz-nesihat işleri geçirilip, olara Watan goragynyň mukaddesligi babatda giňişleýin düşünjeler berilýär. Olaryň saglyk ýagdaýy iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen gözden geçirilip, harby gulluga ýaramlylygy doly kepillendirilýär. Harby wekilliklere berkidilen iň esasy wezipe bolsa, her bir raýaty hünär derejesine laýyklykda harby bölümlere ugratmak bolup durýar. Şol nukdaýnazardan, ýokary bilimli, orta hünär bilimli we orta mekdebi tamamlaýança belli bir hünäri ele alan raýatlary hünär başarnygyna görä harby wekillikler tarapyndan toparlara bölünýär. Bu bolsa geljekki Watan goragçylarynyň harby gullugyny ýokary derejede alyp barmagyna möhüm goşandyny goşar.

Şeýle çäreler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli şahsy düzüminde işjeň alnyp barylýar. Nesip bolsa, geljekki Watan goragçylary öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelip, eziz Watanymyzy we mähriban halkymyzy goramak üçin, gerek bolsa, şirin janlaryny hem gaýgyrmajakdyklaryna ynanýarys!

«Milli goşun».