milli goshun logo
Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy
Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy
04.07.2019 894 Sport

Italiýanyň Neapol şäheriniň «San-Paolo» stadionynda 3-nji iýulda XXX Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy.

Stadiondan dünýäniň 127 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy topary dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarella talyp sport oýunlaryny açyk diýip yglan etdi, uniwersiadanyň alawyny meşhur italýan futbolçysy Lorenso Insinýe ýakdy.

Dabaranyň dowamynda iň häzirki zaman şüweleň tehnologiýalary peýdalanyldy, asmandan uniwersiadanyň nyşanynyň — suw perisi Partenopanyň peýda bolmagy tomaşaçylarda aýratyn ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň ýygyndysy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň ýörişinde Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tuguny buýsanç bilen göterip barýan baýdak göterijiniň öňbaşçylygynda geçdi.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň XXX Bütindünýä tomusky uniwersiada oýunlaryna dürli agram derejelerde dzýudoçylaryň bäsleşigi bilen girişerler.